Sepleriň elýeterliligi

Azeri manadynyň hümmeti peseldi


Azerbaýjanyň Merkezi banky ýurduň milli pulunyň dollar we ýewro garşylygyndaky hümmetini peseltdi.

21-nji fewralda azeri manadynyň dollaryň garşylygyndaky resmi kursy 1,05, ýewronyň garşylygyndaky resmi kursy bolsa 1,19 diýlip kesgitlendi.

Bu manadyň hümmetini, dollaryň we ýewropa pullarynyň garşylygynda, degişlilikde 33.5 we 30 prosent ýitirýändigini aňladýar.

Azerbaýjan nebitiň bahasynyň, ýurduň esasy eksportynyň peselmegi sebäpli zyýan gördi.

XS
SM
MD
LG