Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministr syýasy durmuş 'hapa' diýýär


Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli Eýrandaky syýasy durmuşyň "haram pul», şol sanda bikanun neşe söwdasyndan gelýän serişdeler bilen ilteşiklidigini aýtdy.

Fazliniň bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreşýän polisiýa işgärleriniň seminarynda aýdan sözleri döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugy tarapyndan ile ýetirildi.

Ol Eýrandaky «ahlak bozuklygynyň uly bölegi» «haram pullaryň syýasata girizilmeginden» gelýär diýipdir.

Ol hiç bir anyk kandidaty ýa-da jemgyýetçilik resmisini nazarda tutmandyr.

Eýran Halkara aýdyňlyk görkezijisinde 175 ýurduň içinde 136-njy orunda durýar.

Ozalky prezident Mahmud Ahmedinejadyň wise-prezidenti bolan Mohammad Reza Rahimi ýanwar aýynda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Eýran metbugaty onuň korrupsiýada aýyplanandygyny ýazdy.

XS
SM
MD
LG