Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Hüjümler dowam edýär


Gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň harby ulaglary.
Gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň harby ulaglary.

Ukrain harbysynyň resmileri orsýetçi separatistleriň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozup, hökümet pozisiýalaryna hüjüm etmegi dowam etdirýändigini aýdýarlar.

24-nji fewralda Ukrain harbysynyň metbugat sözçüsi Anatoliý Stelmahyň telewideniýede görkezilen interwýusynda bellemegine görä, 23-nji fewralda separatist güýçleri strategik taýdan ähmiýetli Debalsewe şäheriniň golaýyndaky obalara ýedi gezek hüjüm edipdir.

Şeýle-de, Stelmahyň aýtmagyna görä, 24-nji fewralda separatistler Donetsk regionynyň golaýyndaky üç sebite artilleriýa oklaryny we minomýotlary uçuryp, Azow deňziniň kenaryndaky Mariupol şäheriniň golaýynda hökümet güýçleri bilen 30 minut çemesi çaknyşypdyr.

12-nji fewralda Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleriniň araçylyk etmeginde gelnen ylalaşyga laýyklykda, ukrain hökümet güýçleri we gozgalaňçylar ok atyşygy bes edip, öz agyr ýaraglaryny yza çekip başlamalydylar. Emma 23-nji fewralda Ukraina, orsýetçi separatistleriň ok atyşygy doly bes etmändigini aýdyp, konfliktiň dowam edýän uruş liniýalaryndan öz agyr ýaraglaryny yza çekip başlamajakdygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG