Sepleriň elýeterliligi

Azeri žurnalistine pul jerimesi salyndy


Hatyja Ismaýilowa.

Hatyja Ismaýilowa.

Azerbaýjanda derňew žurnalisti we Azatlyk Radiosynyň hyzmatdaşy Hatyja Ismaýilowa töhmet atmakda höküm edilip, oňa 2 500 azeri manady, ýagny 3 180 amerikan dollary möçberinde pul jerimesi salyndy. Ismaýilowa ençeme aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar, emma ol bu aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdýar.

Ismaýilowanyň aklawçysy Elton Kuliýewiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Baku şäher sudunyň kazysy bu baradaky karary 23-nji fewralda deslapky tussaghanada çykarypdyr. Ismaýilowa 5-nji dekabrdan bäri gürrüňi gidýän tussaghanada saklanylýar.

Ismaýilowa öňki oppozision aktiwist Elman Hasanowy ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň agenti diýip aç-açan atlandyrmakda günäli tapyldy. Emma ol bu aýyplamany ret edýär.

Ismaýilowanyň aklawçysy Kuliýew suduň çykaran bu kararyny şikaýat etjekdigine wada berdi.

XS
SM
MD
LG