Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söweşler gowşasa-da, dowam edýär


Orsýetçi separatistler, Donetsk regiony.
Orsýetçi separatistler, Donetsk regiony.

Ukrainanyň harbylary orsýetçi separatistleriň ok atyşygy bes etmek barada täze gelnen ylalaşygy bozmagynyň dowam edýändigini, emma munuň soňky günlerde gowşandygyny aýtdylar.

Ukrainanyň harbylarynyň metbugat wekiliniň 25-nji fewralda aýtmagyna görä, separatistler geçen gije Popasna obasyny oka tutupdyrlar we Mariupol şäheriniň golaýynda Şyrokyne obasynda ukrain goşunlarynyň pozisiýalaryny öz eline almaga synanyşyklaryny dowam etdiripdirler.

12-nji fewralda Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleriniň araçylygynda gelnen ylalaşykda iki tarapyň-da ok atyşygy bes etmegi we agyr ýaraglary söweş liniýasyndan yza çekmegi talap edilýär. Emma Ukrainanyň harbylary pitneçiler hüjümlerini bes edýänçäler, öz ýaraglaryny yza çekmekden ýüz öwürýärler.

Harbylaryň metbugat wekili Andriý Lysenko “Häzir ýaraglary yza çekmek barada görkezme bolmady, sebäbi söweşijiler Minsk ylalaşygynyň ilkinji talabyny, ok atyşygy bes etmek talabyny entek ýerine ýetirmediler” diýdi.

Separatistler ýaragyny yza çekýändigini aýdýarlar

Separatistler özleriniň 24-nji fewralda agyr ýaraglaryny yza çekip başlandyklaryny habar berdiler.

Separatistler 25-nji fewralda žurnalistlere birnäçe ýerde agyr top ýaraglaryny söweş liniýasyndan yza çekip başlandyklaryny görkezdiler.

Emma Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçileri agyr ýaraglaryň yza çekilýändigini heniz tassyklap bilmeýärler, sebäbi taraplar ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk güýje girmezden öň özleriniň söweş zolagynda näçe agyr ýaraglary ýerleşdirendiklerini takyklaşdyrmadylar.

Kiýew ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň 15-nji fewralda güýje girmeginden soň Debaltsewo şäherini eýelän separatistleriň öz ýaraglaryny Mariupol şäheriniň golaýyna, hökümet güýçleriniň Donetsk regionynda öz gözegçiliginde saklaýan iň uly şäheriniň alkymyna çekmeginden howatyrlanýar.

Täze howatyrlanmalar

Pitneçileriň Mariupol şäheriniň golaýynda amala aşyran hüjümleri separatistleriň şäheri eýeläp, Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainadan bikanun bölüp, öz düzümine goşan Krym ýarymadasyna tarap giňişliklere gadam basmagy baradaky aladalanmalary artdyrdy.

25-nji fewralda Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius eger separatistler Mariupol şäherine hüjüm etseler, Orsýetiň Ýewropa Bileleşiginiň has köp sanksiýalaryna sezewar ediljekdigini duýdurdy.

Orsýetiň adyna edilýän basyşlara goşulyp, Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron hökümet goşunlaryny türgenleşdirmek üçin Ukraina harby wekillerini ibermegi wada berdi.

Kameron Ukraina beriljek ýardamyň adamyň ölümine sebäp bolmaýan ýaraglary öz içine aljakdygyny aýtdy, emma geljekde Ukraina ýarag iberilmeginiň ähtimallygyny aradan aýyrmady.

Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ÝHHG-niň gözegçilerini agyr ýaraglaryň söweş liniýasyndan yza çekilýändigini tassyklamaga çagyrdy we Kiýewiň Donetsk hem Lugansk regionlarynyň aglaba bölegine gözegçilik edýän separatistlere has köp awtonomiýa bermelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG