Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek aktiwisti ýitirim boldy


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän özbek aktiwistiniň birnäçe günden bäri ýitirim bolandygyny, onuň kärdeşleri habar berýärler.

Alikul Sarimsokow Özbegistanda Adam hukuklaryny goraýan bileleşigiň agzasy bolup, bu bileleşik özbek prezidenti Yslam Karimowyň prezidentlik möhletine garşylyk görkezýär. Sarimsokowyň kärdeşi Şuhrat Rustamow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aktiwistiň 3-nji martdan bäri ýitirimdigini we onuň mobil telefonynyň hem öçürilendigini aýtdy.

Soňky hepdelerde Sarimsokow Daşkentde prezidentlik edarasanyň öňünde geçirilen birnäçe ýörişe gatnaşdy. Şol bir wagtyň özünde, Adam hukuklaryny goraýan bileleşik Karimowyň 29-njy martda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş etmek baradaky planlaryna protest bildirýän petisiýany dokumentleşdirdi.

77 ýaşly Karimow 1990-njy ýyldan bäri Özbegistanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär.

XS
SM
MD
LG