Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ÝB-den düşündiriş soraýar


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary A.Meşkow
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary A.Meşkow

Orsýet Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junkerden (Jean-Claude Juncker) Ýewropa Bileleşiginiň goşunyny döretmek barada ýakynda eden teklibini düşündirmäge çagyrdy.

“Biz bu ideýanyň nämäni aňladýandygyny bilmek isleýäris, sebäbi Ýewropanyň syýasatçylary bu meseläni 30 ýylyň dowamynda dürli derejelerde gozgap gelýärler. Emma Junkeriň edil häzirki pursatda nämäni göz öňünde tutandygyny çak etmek kyn” diýip Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Alekseý Meşkow 10-njy martda aýtdy.

Junker ÝB-niň öz agzalarynyň we goňşy ýurtlaryň howpsuzlyk taýdan ýüzbe-ýüz bolýan wehimlere garşy durmak üçin öz goşunyna eýe bolmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol munuň Ýewropa Bileleşiginiň bütewi daşary we howpsuzlyk syýasatyna itergi berip biljekdigini belledi. ÝB-niň goşunyny döretmek baradaky ideýa geçmişde ret edilipdi.

XS
SM
MD
LG