Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awtobus heläkçiliginde 49 adam öldi


Häkimiýetler günorta Brazilde bolan awtobus hadysasynda azyndan 49 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Ölenleriň arasynda 8 çaga, 24 aýal hem bar. Syýahat awtobusy ýüzlerçe metr ýokardan gür agaçly jülgä gaçdy.

Awtobusda kada boýunça 50 adam bolmalydy, emma häkimiýetler ýolagçylaryň sanynyň normadan has kän bolandygyny çaklaýarlar.

Ýaraly ýolagçylaryň onusy hassahana ýerleşdirildi.

Ýol hadysalarynda her ýyl 43 müň çemesi braziliýaly ölýär.

XS
SM
MD
LG