Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsowyň hasabaty çap ediler


Janyna kast edilen rus oppozision syýasatçysy Boris Nemtsowyň kärdeşi Nemtsowyň Orsýetiň gündogar Ukraina konfliktindäki roly barada taslan hasabatynyň aprel aýynda çap ediljegini aýdýar.

Ilýa Ýaşin, öldürileninden soň polisiýa tarapyndan öýüniň we ofisiniň dökülendigine, kompýuteriniň we dokumentleriniň toplanyp äkidilendigine garamazdan, Nemtsowyň toplan materiallarynyň köpüsiniň dikeldilendigini aýtdy.

27-nji fewralda janyna kast edilen Nemtsowyň ýaranlary onuň ölümini Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hökümetini tankytlamagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Ýaşin BBC-ä Nemtsowyň başlan hasabatyny tamamlamak üçin ekspertler toparynyň işleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG