Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin mediada peýda boldy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 16-njy mart, 2015 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 16-njy mart, 2015 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 5-nji martdan soň ilkinji gezek jemgyýetçiligiň öňünde peýda boldy.

Putin 16-njy martda Sankt-Peterburgyň etegindäki Konstantinowskiý köşgünde gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşdy.

Putin özüniň saglyk ýagdaýy bilen bagly edilen çaklamalara kakdyryp: “Gybat bolmasa, tukatlyk bolardy” diýdi.

Atambaýew Putiniň “örän gowy ýagdaýdadygyny” aýtdy.

62 ýaşly Putiniň saglyk ýagdaýy bilen bagly edilen çaklamalar bilen birlikde, 27-nji fewralda Kremliň golaýynda oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň öldürilmeginden soň, Russiýanyň syýasy we howpsuzlyk gatlaklyryndaky güýçlenen bölünişik barada hem gürrüňler peýda bolupdy.

Putiniň gözden ýitirim bolmagy bilen baglylykda Kremliň hiç hili düşündiriş bermeýänligi sebäpli, her dürli teoriýalar orta atylyp başlandy. Bir tarapdan, aýaly bilen aýrylyşan Putiniň çagasy boldy diýilse, başga bir tarapdan, Kremliň baýry syýasatçylarynyň ony wezipesinden çetleşdirendigi aýdyldy.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow, rus prezidentiniň Atambaýewi ulaga mündirip hut özüniň 15 minut dagy aýlandygyny aýdyp, peýda bolan gep-gürrüňleri ýaňsylap, şeýle sorag berdi: “Indi her kim Şweýsariýada çaganyň dogluşyny kabul edip, generallar tarapyndan zamun alnan ysmaz prezidenti gören bolsa gerek?”.

Atambaýew Putiniň syrkawlamagyny isleýänlere ýüzlenip: “Beýle bagt size ýetdirmez” diýdi.

Putin bilen Atambaýew Gyrgyzystanyň Ýewraziýa ykdysady bileleşigine goşulmak meselesi barada pikir alyşdylar.

Putin soňky gezek 5-nji martda Italiýanyň premýer-minstri Matteo Renzi bilen özara duşuşykda köpçülige görnüpdi.

Şondan soň, Kreml aram-aram köpçülige Putiniň käbir suratlaryny ýetirip dursa-da, käbir habar serişdeleri ol suratlaryň has ozal alnandygyny belläpdiler.

XS
SM
MD
LG