Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gündogar Ukraina: “Deputat” öldürildi


Ukrainanyň gündogar Donetsk regionyndaky Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler öz kanuny organynyň agzasynyň we onuň egindeşiniň atylyp öldürilendigini habar berýärler.

Öz-özüni ykrar eden “Donetsk halk respublikasynyň” hukuk organynyň ýokary derejeli agzasy Andreý Purginiň 27-nji martda beren maglumatyna görä, Roman Woznik we onuň egindeşi 26-njy martda gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky Donetsk regionynyň paýtagtynda atylyp öldürilipdir.

Purgin gürrüňi gidýän iki adamy kimiň öldürendigi barada “belli bir netijä gelerden heniz ir” diýdi.

Roman Woznik gozgalaňçylaryň “Miraž” atly batalýonynyň hem komandiridi.

Ukrainada hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda 2014-nji ýylyň aprel aýynda başlan konflikt zerarly 6 müňden gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG