Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Egindeş pilotyň öýi döküldi


Germaniýanyň polisiýasy Fransiýanyň Alp daglarynda ýolagçy uçaryny bilkastlaýyn aşak gaçyran ýaly bolup görünýän ýaş egindeş pilotyň öýüni dökdi. Gürrüňi gidýän uçar heläkçiliginde 150 adam öldi.

Fransuz prokurorlary uçaryň kabinasynda edilen gürrüňleriň ýazgysy 27 ýaşyndaky Andreas Lýubitsiň 24-nji martda “Germanwings” uçarynyň kapitanyny kabinanyň içine goýbermän, uçary bile-göre Fransiýanyň Alp daglaryna baryp urmaga gönükdirendigini aňladýar diýýärler.

Fransuz we german resmileri ol ýerde Lýubitsiň terrorçydygyny görkezýän zadyň bolmandygyny aýtdylar, emma onuň hereketlerini düşündirer ýaly garşylykly teoriýalary teklip etmediler.

XS
SM
MD
LG