Sepleriň elýeterliligi

Özbek aýdymçylarynyň seksual geýinmegi gadagan edilýär


Özbek aýdymçysy Lola Ýuldaşewa.

Özbek aýdymçysy Lola Ýuldaşewa.

Özbegistanda zenan aýdymçylaryň sahna geýimleriniň görnüşini çäklendirýän karar taýýarlanypdyr. Karara görä, aýdymçylaryň “oňaýsyz” lybasda sahna çykmagy gadagan edilýär.

Bu gadagançylygy “Zenanlar guramasy”, Medeniýet we magaryf jemgyýetçilik birligi we “Özbeknawo” estrada birleşigi taýýarlapdyr.

Karar häzirki wagtda welaýatlaryň medeniýet merkezlerine iberilipdir. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Özbek gullygy habar berýär.

Konsert guramaçysy Rawşan Holmirzaýewiň aýtmagyna görä, “Örän çynlakaý kadalar talap edilýär. Gyşarnyksyz berjaý edilmeli diýilýän kada görä, kebzesi, ýagyrnysy we aýagy açyk geýimler geýmek, geýimde haýsam bolsa bir seksual elementiň bolmagy düýbünden gadagan. Häzirki wagtda welaýatyň medeniýet we magaryf merkezinde aýdymçy gyzlar bilen gürrüňdeşlikler geçirilýär. Olara düşündirilişine görä, ýarym-ýalaňaç ýagdaýda sahna çykmak ‘milli mentalitete ters gelýär’”.

Kakaryň kabul edilmegi

Ol karar aýdymçy Lola Ýuldaşewanyň Daşkent konsertlerinden soň kabul edilipdir. Aýdymçy zenan ýagyrnysy biline çenli açyk we aýaklary durşy bilen görnüp duran gyzyl geýimde sahna çykypdyr.

Özbegistanly aýdymçy Lola Ýuldaşewa.

Özbegistanly aýdymçy Lola Ýuldaşewa.

Konsertden soň aýdymçyny “Özbeknawo” edarasyna çagyryp, resmi ýagdaýda duýduryş beripdirler. Dress kod kadalaryny kesgitleýän kararda aýdylyşyna görä, geljekde şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy üçin aýdymçylar konsertden owal ýörite barlagçylar topary tarapyndan synagdan geçirilmelidir.

Mundan başga-da olaryň sahna geýimlerine we özüni alyp baryşlaryna baha berilmelidir.

Rawşan Holmirzaýew şeýle diýýär: “Anna güni iberilen kararda başga artistleriň hem sahna ýarym-ýalaňaç ýagdaýda çykmagynyň öňüniň alynmagy talap edilýär”.

Meşhur eginbaşlaryň awtory, 31 ýaşyndaky suratkeş Zulfiýa Sulton bolsa şeýle diýýär: “Döredijilik azatlygy diýlen bir düşünje bar. Şonuň üçinem artistleriň eginbaşlarynyň görnüşlerini çäklendirmeklik dogry däl. Elbetde, şou-biznes işgäriniň sahna obrazy bilen kitaphanaçynyň ýa-da yslam kolležiniň talybynyň geými deň bolmaz”.

XS
SM
MD
LG