Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaýy ýykylanlaryň tejribeleri


Jaýy ýykylanlar nähili tejribeleri başdan geçirýärler?
Jaýy ýykylanlar nähili tejribeleri başdan geçirýärler?

Şu günki gün Aşgabadyň gyrasynda ýerleşýän Çoganly daçalary ýykylýar. Bu ýagdaý çak bilen aýdylanda, Çoganlyda ýerleşýän 13 müň töweregi hojalyga öz täsirini ýetirer.

Diňe Aşgabady göz öňüne tutup aýdanymyzda, Çoganly ýykylýan ilkinji ýaşaýş jaýlar toplumy bolman, mundan ozal “Berzeňňi”, “8-nji mart” we “Gaža” ýaly pasýolyklar hem ýykylypdy.

Şeýle-de garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatlarda ýykylan obadyr, sebitler hem boldy. Jaýy ýykylanlar käbir ýerlerde jaý bilen üpjün edilen bolsa, beýleki ýerlerde olar özlerine baş pena tapmaly boldular.

Eýsem, jaý ýykylşyk tejribeleri, jaýy ýykylanlaryň nukdaynazaryndan nähili bolup geçýär? Jaýlar nähili ýagdaýlarda ýykylýar we jaýy ýykylanlar soňy bilen nähili tejribeleri başdan geçirýärler?

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda edil şu barada gürüň edilýär. Programma sizi hem gatnaşmaga we öz pikiriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org elektron hat salgysy arkaly habarlaşyp bilerler. Bu temada öz bilýän maglumatlaryny teswir görnüşinde galdyrmak isleýänleri bolsa aşakdaky foruma çagyrýarys.

XS
SM
MD
LG