Sepleriň elýeterliligi

Bolgariýa korrupsiýa garşy gurama döredýär


ÝB agzasy Bolgariýa ýokary derejeli korrupsiýany derňemek üçin ýörite gurama döretmek planlaryny yglan etdi.

Brýussel Bolgariýany korrupsiýa garşy ýeterlik çäre görmezlikde yzygiderli tankyt edýär, synçylar bolgariýalylaryň öz jemgyýetçilik guramalaryna ynamynyň ýukalandygyny aýdýarlar.

Netijede, bu ýagdaý Bolgariýany Ýewropa Bileleşiginiň pasportsyz syýahat edip bolýan Şengen zonasyndan daşarda galdyrýar.

Premýer-ministriň orunbasary Meglena Kunewa Sofiada žurnalistlere täze guramanyň prokurorlardan, derňewçilerden we inspektorlardan ybarat bolup, 2016-njy ýyldan işe başlajagyny aýtdy.

Hökümet 7,670 resminiň derňew nyşanasy boljagyny çak edýär. Häkimiýetleriň galplyklary barada habar beren adamlaryň maglumaty çyn çyksa, olara pul tölener.

Kunewa Bolgariýanyň Rumyniýadan görelde almagyny isleýär, ol ýerde uly derejeli syýasatçylaryň, resmileriň, biznesmenleriň bir topary ýa derňew astynda, ýa-da türmä basyldy. Rumyniýanyň maliýe ministri Darius Walsow geçen aý para almakda aýyplanyp, işden çekildi.

XS
SM
MD
LG