Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Türkmenistan Orsýeti goldamady


GDA-nyň daşary işler ministrleriniň maslahaty, Bişkek, 3-nji aprel, 2015.
GDA-nyň daşary işler ministrleriniň maslahaty, Bişkek, 3-nji aprel, 2015.

Türkmenistan GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 3-nji aprelde Bişkekde geçirilen maslahatynda Orsýete garşy halkara sanksiýalaryna närazylyk bildirýän dokumente gol çekmedik ýurtlara goşuldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna tabşyrmak üçin niýetlenen bu dokumente Azerbaýjanyň, Moldowanyň, Türkmenistanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň gol çekmän, Orsýetiň Ukrainanyň bütewüligine kepil geçýän Budapeşt ylalaşygyny bozandygyny belländigi habar berilýär.

“Bu ylalaşykda Ukrainadaky ýagdaý hasaba alynmaýar. Dokumentde Orsýetiň Krymy basyp alyp, Ukrainanyň bütewüligi bozmagynyň fakty we Ukrainanyň gündogarynda ýaragly toparlary goldamagy hasaba alynmady”, diýip Ukrainanyň Daşary işler ministrleriniň ýörite meseleler boýunça ilçisi Nikolaý Doroşenko aýtdy.

Bişkekdäki duşuşykda Orsýet, Ermenistan, Gazagystan, Belarus, Gyrgyzystan we Täjigistan tarapyndan gol çekilen dokumentden daşary, serhetleri berkitmek boýunça meselelere garaldy we ençeme dokumente gol çekildi.

XS
SM
MD
LG