Sepleriň elýeterliligi

Hakasiýa: Ölenleriň sany 30-a ýetdi


Sibiriň Hakasiýa regionyndaky ýangynda ölenleriň sany 30-a ýeten mahaly, tokaý ýangyny sebitiň beýleki taraplaryna ýaýramagyny dowam etdirýär.

Russiýanyň Federal tokaý hojalyk departamentiniň Sibirdäki bölüminiň 17-nji aprelde beren maglumatyna görä, tokaý ýangynlary sebitdäki 118 müň gektardan gowrak ýeri eýeläpdir.

12-nji aprelden bäri Sibir regionynyň Hakasiýa sebitinde 1 500-den gowrak ýaşaýyş jaýy ýandy. Munuň netijesinde azyndan 5 müň adam öýsüz galdy.

Hakasiýa regionyndaky resmileriň 17-nji aprelde beren maglumatyna görä, ýangynda ölen adamlaryň sany 30-a ýetipdir we iki adam hem ýitirim bolupdyr.

Sibir regionynyň beýleki, ýagny Altaý, Amur, Burýatiýa, Tywa, Zabaýkalýe, Krasnoýarsk we Irkutsk regionlarynda hem ewakuasiýa çäreleriniň geçirilendigi we ýitgi-zyýanlaryň bolandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG