Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek tussagyň öldürilendigi aýdylýar


Özbegistanda şu aý polisiýa merkezinde ölen özbek adamyň dogan-garyndaşlary tussagyň, polisiýa tarapyndan gynamalara sezewar edilip öldürilendigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde Özbegistanyň polisiýasy 26 ýaşly Kamolliddin Kuziýewiň öz janyna kast edendigini aýdýar.

Kuziýewiň dogany Bobomurod Kuziýewiň 16-njy aprelde Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň dogany 7-nji aprelde polisiýa çagyrylyp, huligançylykda güman edilip saklanypdyr.

Onuň aýtmagyna görä, bu wakadan iki gün soň polisiýa Kamoloddiniň öli jesedini onuň maşgalasyna getirip beripdir we olara onuň tussaghanada özüni ýüpden asandygyny aýdypdyr. Şeýle-de, polisiýa Kamoloddiniň maşgalasyna ony “tizden-tiz” jaýlamagy tabşyrypdyr.

“Olar bize onuň ölendigini habar bermezden öň, onuň üçin mazar hem gazypdyrlar” diýip, Bobomurod Kuziýew aýtdy.

Geçen hepde, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Amnesty International” guramasy Ýewropa Bileleşigine Özbegistanyň türmelerindäki we tussaghanalaryndaky gynamalaryň bes edilmegi üçin özbek hökümetine has köp basyş etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG