Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda tussaglar ewakuasiýa edildi


Gazagystanyň Karaganda şäherindäki aýallar türmesiniň tussaglary gazaply sil suwy sebäpli ewakuasiýa edildi.

Karagandanyň içeri işler resmileri Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna 16-njy aprelde Koksun şäherçesindäki türmäniň 943 tussagynyň sil zerarly başga türmelere geçirilendigini aýtdy.

Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Bahtyžan Şahintaýew 16-njy aprelde Habiden Mustafin obasyna baryp gördi, bu ýerde sil 700 çemesi bina zyýan ýetirdi.

Bu obanyň 4 müň çemesi ýaşaýjysy soňky günlerde başga ýere göçürildi.

Sil uly ýollary petikläp, Akmolada, gündogar Gazagystanda, Demirgazyk Gazagystanda, Pawlodar regionlarynda hem adamlary ewakuasiýa etmäge mejbur etdi.

Güýçli gelen sil zerarly 2 müň çemesi ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetendigi aýdylýar, pidalar barada habar ýok.

XS
SM
MD
LG