Sepleriň elýeterliligi

Morsi 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Müsüriň Jenaýat sudy häkimiýetden çetleşdirilen yslamçy prezident Muhammad Morsini we “Musulman dogalygynyň” başga-da 12 liderini 2012-nji ýylda bolan demonstrantlar döwründe protestçileriň öldürilmegi bilen baglanyşykly 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

21-nji aprelde Kairiň Jenaýat sudy, Müsüriň ilat tarapyndan saýlanan ilkinji prezidenti Morsi we derňew astyndaky beýleki adamlar sud zalyndaky aýnaly, ses geçirmeýän gözenekde duran mahaly, olara garşy birinji hökümi çykardy.

Müsüriň paýtagty Kairde geçirilýän sud işi 2012-nji ýylyň dekabr aýynda prezident köşgüniň daşynda bolan ýowuzlyklar bilen baglanyşyklydyr. Şonda Morsiniň tarapdarlarynyň oppozision protestçilere hüjüm etmegi netijesinde bu waka çaknyşyklara ýazyp, netijede azyndan 10 adam heläk bolupdy.

Morsi Müsüriň port şäheri Aleksandriýanyň golaýyndaky berk goragly türmede saklanylýar.

XS
SM
MD
LG