Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen: ABŞ Eýrana duýduryş berýär


Ýemendäki eýran ilçihanasy
Ýemendäki eýran ilçihanasy

Barak Obama Birleşen Ştatlar Eýrana Ýemene sebitde ýük daşalmagyna garşy ulanylyp biljek ýaraglary ibermeli däldigi barada duýduryş berdi diýdi.

"Biz olara bu barada açyk aýtdyk" diýip, Obama 21-nji aprelde MSNBC bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Biziň Pars aýlagy sebitinde käbir gämilerimizi saklamagymyzyň özüne ýetesi sebäbi bar, onsoň biz ol gämileriň hereket azatlygyny hem üpjün etmeli» diýip, ol aýtdy. "Biz olara eger Ýemeniň içindäki fraksiýalara berlen ýaraglar gämileriň hereketine wehim salsa, bu bir problema bolar diýdik.»

Bu sözler Ak Tamyň sözçüsi Joş Earnest uçar göteriji, USS Theodore Roosevelt gämisi Aden aýlagynda we Gyzyl deňizde gämileriň erkin hereket etmegini we söwda işlerine päsgel berilmezligini üpjün etmek üçin Ýemeniň kenarlaryna ugrady diýeninden soň aýdyldy.

Bu gürrüň Eýranyň gämileri Ýemene tarap barýar, belki-de Ýemendäki huti pitneçilerine ýarag alyp barýandyr diýen habarlardan soň çykdy.

Pentagonyň sözçüsi polkownik Steven Warren "Biz Eýranyň gämiler kerweniniň näme etmekçi bolýandygyny bilemzok, emma biz olara gözegçilik edýäris" diýdi.

"Bu sebitde amerikan harby-deňiz güýçlerine eýe bolmak bilen, biz öz etmeli işlerimize taýýar bolup durýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Ýemende şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky pitneçilere ýarag gadagançylygyny girizdi.

Saud Arabystany 21-nji aprle güni irden özüniň pitneçilere garşy dört hepdelik bombalaýyş kampaniýasynyň soňlanandygyny aýtdy.

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky 10 sünni arap döwletiniň koalisiýasynyň sözçüsi, Saud Arabystanynyň brigada generaly Ahmed Asseri «howa kampaniýasynyň üstünlikli bolandygyny we özüniň pitneçileriň harby ukyplaryna zeper ýetirmek maksadyna ýetendigini» aýtdy.

Asseri «Umydy dikeltmek» atly täze operasiýanyň Ýemende syýasy çözgüt tapmaklyga, asuda adamlary goramaga, kömek we ýardam tagallalaryna gönükdiriljegini aýtdy.

Emma ol koalisiýa «huti söweşijileriniň Ýemeniň içinde hereket edip, haýsydyr bir operasiýa geçirmegine ýol bermezligi dowam etdirer» diýdi. Ol Ýemeniň deňiz gabawynyň hem dowam etdiriljegini aýtdy, indiki operasiýa "syýasy, diplomatiki we harby hereketleriň utgaşmasy» bolar diýdi.

Zarbalar togtadyldy, emma...

Howa zarbalarynyň soňlanmagyny iki ýurt-da, Birleşen Ştatlaram, Eýranam gutlady.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif "Ýemendäki pozitiw hereketler gyssagly ynsanperwer kömek, Ýemen-içi dialog we giň esasly hökümet bilen utgaşmaly, kömek etmäge taýýar» diýip, twitter hasabynda ýazdy.

Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Alistair Baskey "BMG-niň ýardam bermegindäki syýasy prosesi we ynsanperwerçilik kömegini gaýtadan ýola goýmaga» çagyrdy.

Şaýylardan ybarat hüti pitneçileri ýanwarda paýtagt Sanaany öz ellerine geçirdiler, prezident Hadi biraz soň Adene gaçmaly boldy.

Hutiler öňki prezident Ali Abdulla Salehiň ýaragly birikmelerine daýanyp, günortadaky port şähere gelenden soň bolsa, Hadi martda ýurdy terk etdi.
Sünnileriň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany, Birleşen Ştatlar we beýleki ýurtlar Eýrany hutileri goldamakda aýyplady, Tähran bu aýyplamany ret edýär.

Bu konflikt şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýran bilen sünni arap döwletleriniň arasynda proksi urşa ýazmasa ýagşy diýip howatyr edilýär.

Obama 21-nji aprelde Eýranyň goşulyşmagy bu konflikte çözgüt tapmak ugrundaky tagallary diňe çylşyrymlaşdyrar diýdi.

“Biziň etmeli işimiz hemme taraplary bir ýere getirip, syýasy çözgüdi ýola goýmak” diýip, ol aýtdy.

“Bu konflikt Ýemende ýene bir proksi uruş turuzmak bilen çözülmez, biz eýranlylara olaryň çözgüdiň bir bölegi bolmalydygyny, problemanyň bölegi bolmaly däldigini görkezdik” diýip, Obama aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG