Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: “YD” bendi eýeledi


Yragyň Anbar welaýatynda geçirilýän harby operasiýa.
Yragyň Anbar welaýatynda geçirilýän harby operasiýa.

Yrakda Fallujah şäheriniň demirgazygynda “Yslam döwleti” atly söweşijileriň topary bilen Yrak armiýasynyň arasynda gazaply çaknyşyklar boldy. Mundan bir gün öň, yrakly general we üç ofiser duzaga düşürilip, öldürildi.

Jeňçiler Yrak armiýasynyň 1-nji diwizionynyň komandiri general Hasan Abbas Toufany we onuň ofiserlerini öldürmek üçin, içi partladyjyly buldozeri ulandylar. Yrak armiýasynyň golaýdaky batallion kommandowaniýesine edilen hüjümde hem 10 esger öldürildi.

“Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri Thirthar kölüniň günorta bölegindäki bir bendiň gözegçiligini hem öz kontrollygyna geçirdiler.

Bu aralykda, Yragyň Anbar welaýatynyň günbatar böleginde janyndan geçen üç söweşiji barlag gözegçilik nokadyna hüjüm etdi. Bu wakada dört esger öldi.

XS
SM
MD
LG