Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly tussagyň dardan asylmagy soňa goýuldy


Pakistanyň kazysy bir tussagyň dardan asylmagyny wagtlaýyn soňa goýýan sud kararyny çykardy. Gürrüňi gidýän adamyň, ýagny Safkat Hussainiň aklawçysy öz müşderisiniň adam öldürmekde aýyplanan mahaly, 14 ýaşyndadygyny öňe sürýär.

Safkat Hussainiň 6-njy maýda dardan asylmagyna garaşylýardy.

Aklawçy öz müşderisi Hussainiň 2004-nji ýylda çagany öldürendigini boýun alan mahaly, 14 ýaşyndadygyny aýdýar.

Pakistanyň Federal derňew gullugy Hussainiň ýaşy baradaky meselä sereden mahaly, onuň dardan asylmagyny soňa goýmazdan öň, mart aýynda Hussaine ak geýim geýdirilip, dardan asylmazdan ozal iň soňky islegini ýazmagy sorapdylar.

XS
SM
MD
LG