Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Orsýet çemeleşmesini üýtgetmeli


 Geoffrey R. Pyatt
Geoffrey R. Pyatt

Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky ilçisi Geoffrey Pyatt bu regionda parahatçylygyň orun almagy üçin Orsýetiň gündogar Ukraina babatdaky çemeleşmesini üýtgetmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Pyatt 6-njy maýda Kiýewde AÝ/AR bilen söhbetdeş bolanda Orsýet Ukrainanyň Donetsk we Luhansk regionlaryndaky orsýetçi separatistleri ýarag, şol sanda öz öndüren tanklary we raketalary, uçara garşy sistemalary bilen üpjün edýär diýdi.

Ol gündogar Ukrainadaky söweşiň merkezinde galan Donbas halkynyň agressiw propaganda we ýalňyş maglumat bermek kampaniýasynyň nyşanasyna öwrülendigini hem sözüne goşdy.

"Orsýetiň maglumat urşy örän täsirli» diýip, Pyatt Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki mediasynyň ABŞ we Kiýew parahatçylyk şertnamasynyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär diýip berýän habarlaryny nazara alyp aýtdy.

"Birleşen Ştatlar Ukrainany ýarag bilen üpjün etmeýär, biz, elbetde, parahatçylyk prosesini we atyşygyň bes edilmegini goldaýarys" diýip, ol aýtdy.

Pyatt Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we toprak bütewiligine, şeýle-de ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň parahatçylyk planyna goldaw berýändigini nygtady. "Biziň ählimiz parahatçylyk isleýäris» diýip, Pyatt aýtdy.

"Parahatçylygyň ýol almagy üçin Orsýetiň öz çemeleşmesini üýtgetmegi zerur.»

Emma muňa garamazdan, ol bu ýerde Orsýetiň we separatistleriň söweşi gaýtadan başlamaga taýýarlyk görýändiklerini aňladýan görkezijileriň bardygyny belledi.

"Biz Orsýetiň Noworossia diýilýän goşuna örän ykjam tälim programmasyny gurnandygyny bilýäris» diýip, amerikan ilçisi aýtdy.

"Onsoňam biz Orsýetiň ýer-asman raketa sistemalaryny ukrain territoriýasynyň içindäki aragatnaşyk liniýasyna örän golaý getirendigini bilýäris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Pyatt Donetsk regionynyň separatist lideri Aleksandr Zaharçenkonyň golaýdaky beýanatyny ýatlatdy, ol käbir neşirlere esasy maksadyň tutuş regiony kontrol astyna almakdan ybaratdygyny aýdypdy.

"Eger Zaharçenkonyň maksady şu bolsa, ol ylalaşygy okamandyr ýa-da fewral aýynda Minskde gol çeken şertnamasy ýadyna düşenok" diýip, Pyatt AÝ/AR-na aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG