Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Amerikan şirketi golf meýdançasyny gurar


Aşgabatda prezident Berdimuhamedow “Türkmenistan-ABŞ” Işçi geňeşiniň ýerine ýetiriji müdiri Erik Stuart we golf boýunça amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jek Niklaus bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen mediasyna görä, “Naklaus dizaýn” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda sporty ösdürmek üçin ähli tarapdan goldaw bermäge taýýarlyk bildiripdir. “Biz bu ugurdan baý tejribämize daýanyp, iň gowy, iň ýokary hilli golf meýdançasyny gurup bereris”, diýip Jek Niklaus aýtdy we bu gurluşygyň Aziýada-2017 oýunlaryna çenli tamamlanjakdygyny mälim etdi.

Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllar aralygynda bedenterbiýe we sporty ösdürmek we goldamak boýunça milli programmasynyň çäginde sport we bedenterbiýe-sagdynlaşdyryş toplumlarynyň gurulýandygy resmi maglumatlarda bellendi.

XS
SM
MD
LG