Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýada “Konserwatiwler” ýeňiş gazandy


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kamerun.
Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kamerun.

Britaniýada 7-nji maýda geçirilen saýlawlarda premýer-ministr Deýwid Kamerunyň “Konserwatiw” partiýasy parlamentde ýerleriň aglabasyny eýeledi.

Sesleriň tas ählisi diýen ýaly sanalansoň, Kamerunyň partiýasy parlamentde 330 çemesi ýeri alana meňzeýär.

Kamerun bu ýeňşi öz syýasy karýerasyndaky “iň süýji ýeňiş” diýip atlandyrdy.

Kamerun 8-nji maýda Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta bilen hem duşuşdy. Hökümeti düzmek üçin Britaniýada formal taýdan monarh bilen duşuşmaklyk talap edilýär.

Esasy bäsdeş

Konserwatiwleriň esasy bäsdeşi hasaplanylýan “Zähmet” partiýasy parlamentde 25 çemesi ýeri ýitirdi. Bu partiýanyň başlygy Ed Miliband öz wezipesinden çekildi.

Kamerunyň ýeňşi Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde galjakdygy ýa-da -galmajakdygy barada iki ýylyň içinde referendum geçiriljekdigini aňladýar. Ol bu barada öz saýlaw kampaniýasynyň dowamynda wada beripdi.

BBC korporasiýasynyň geçiren pikir soralyşyklarynda, oppozision “Labour Party”, ýagny “Zähmet” partiýasynyň parlamentde diňe 239 orun gazanmak bilen lapykeç boljakdygy çaklanylýardy.

Eger pikir soralyşygyň netijeleri hakykata öwrülse, onda “munuň Konserwatiwler üçin örän, örän arassa ýeňişdigi we “Zähmet” partiýasy üçin örän ýaramaz gijedigi mese-mälim görnüp dur” diýip, Londonyň häkimi Boris Johnson saýlawlaryň netijeleri mälim edilmezinden öň belledi. Ol parlamentde orun almak üçin konserwatiwleriň hatarynda saýlawlara gatnaşdy.

Uly urgy

Bu saýlawlaryň netijeleri “Liberal demokratlara” hem uly urgy boldy we olaryň parlamentdäki orunlary pese gaçyp, 56-dan 10-a geldi.

Britaniýada “Zähmet” partiýasynyň we “Liberallaryň” parlamentdäki orunlarynyň pese gaçmagy, kiçi partiýalaryň häkimiýete gelmegine täsir ýetirdi. Aýratynda Şotlandiýanyň Milletçi partiýasynyň parlamentdäki ýeriniň ikiden 58-e ýetmegine sebäp boldy.

Bu özgerişlikleriň çäginde Şotlandiýanyň ýaşlaryň arasynda meşhur bolan separatist partiýasyndan 20 ýaşly student hem parlamente girmegi başardy. Mhairi Black 1667-nji ýyldan bäri Britaniýada saýlanan iň ýaş kanunçykaryjydyr.

Britan saýlawlarynda Milletçileriň uly üstünlik gazanmagy, Şotlandiýanyň öz garaşsyzlygy ugrunda täze referendumy geçirmegi üçin mümkinçilikleri artdyrdy.

XS
SM
MD
LG