Sepleriň elýeterliligi

Täjik zenanyna “çagalaryňyz ‘YD’ degişli” diýildi


Täjigistanyň Kulob şäheriniň ýaşaýjysy Maýram Olimowa, 9-njy fewral, 2015.

Täjigistanyň Kulob şäheriniň ýaşaýjysy Maýram Olimowa, 9-njy fewral, 2015.

Gulru Omanowanyň adamsy Loik Siriýada “Yslam döwletiniň” düzüminde söweşip, ýakynda öldürilensoň, 25 ýaşly bu zenan goşlaryny ýygnap, öz çagalary bilen Täjigistana gitmek kararyna gelipdir.

Düzgüne görä, Gulru Täjigistana gitmek üçin “YD”-niň Aleppodaky (Halapdaky) emirinden rugsat sorapdyr.

“YD”-niň ýolbaşçysy Gulrunyň gitmegine rugsat beripdir, emma onuň öz çagalaryny ýedi ýaşly Fotimany, dört ýaşly Ahmady we alty aýlyk bäbek Rumaisony galdyrmak şerti bilen. Ol çagalaryň “Yslam döwletiniň” emlägidigini aýdypdyr.

Gaharly gaýyn ene

Täjigistanda Gulrunyň 65 ýaşly ejesi Maýrambi Olimowa örän gynanýar. Ol Gulrunyň Siriýadan çagalaryny alman gaýtmaly däldigini aýdýar.

Ol ýanwar aýynda gyzynyň Siriýadadygyny bilip galansoň, oňa öýe dolanmagy ündäp gelýär. Fewral aýynda Olimowa “YD”-niň lideri Abu Bakr al-Bagdadiniň adyna täsirli wideo ýaýradyp, Gulrunyň öz öýüne goýberilmegini ýalbaryp sorady.

Emma munuň ählisi Loik öldürilmänkä bolan ýagdaýlar.

Olimowa Gulrunyň 32 ýaşly Loigiň söweşde wepat bolandygy barada telefonda aýdanyndan soň bolan ýagdaýlar barada AÝ/AR-nyň Ozodi Radiosyna gürrüň berdi.

“Meniň gyzym Loikiň şehit bolandygyny aýtdy we men ‘onuň şehit bolanyny kim bilýär? Ol özi gidip, üç çagany we dördünji çagasy göwresindäki aýalyny ölüm howpunda taşlady” diýdim diýip, Olimowa 11-nji maýda aýtdy.

Gulru öýüne üç gezek jaň edip, öz ejesine onuň bilen dört aýlap habarlaşyp bilmejegini aýdypdyr. Yslam kanunlaryna laýyklykda ol bu wagt aralygyny “şehit” bolan Loigiň hatyrasyna matam tutup geçirmeli.

“Ol çagalaryny watanyna getirmek üçin ýardam sorady we olary taşlap gitmejekdigini aýtdy”.

Täjigistandan Siriýa tarap

Gulru öz ejesine häzir özüniň Siriýanyň Halap sebitlerinde Türkiýe bilen serhediň golaýynda üç gatly jaýda ýaşaýandygyny gürrüň berdi.

Gulru Täjigistanyň günorta-günbataryndaky Kulob şäherinden üç müň kilometr uzaklykda ýerleşýän bir ýerde doglupdy. Çagalykda Gulru şepagat uýasy ýa-da lukman bolmagy arzuw edipdi. Bu barada onuň ejesi ors dilinde çap bolýan ”Meduza” täzelikler websaýtyna geçen aýda beren interwýusynda gürrüň berdi.

Emma Gulrunyň arzuwlary, Gulru 16 ýaşap, Loik Radžabowa duşanda, puja çykdy. Olimowa Radžabowy “ýerli neşe söwdagäri” diýip atlandyrdy.

Loik Gulrunyň özüne durmuşa çykmagyny sorapdyr, emma, Olimowanyň sözlerine görä, Gulru bu teklipden ýüz öwürýär. Emma ahyrsoňy toý etmeli bolupdyrlar, sebäbi Loik eger Olimowa gyzynyň durmuşa çykmagyna garşy bolsa, “hemmäňizi gyraryn diýip haýbat atypdyr.

Loigiň Moskwada radikallaşan bolmagynyň ahmaldygy çak edilýär. Ol bu ýere iş bilen ýygy-ýygydan gatnaýardy. Olimowanyň sözlerine görä, şeýle sapardan soň olaryň öýünde “YD”-nyň gara baýdagy peýda bolupdyr.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Loik öz aýalyny we çagalaryny Moskwa öz ýany bilen alyp gidipdir. Ol soňra öz aýalyna Moskwada gurluşykda iş tapmandygyny aýdypdyr.

Emma, Ozodi Radiosynyň maglumatyna görä, Loik maşgalasyny Moskwada uzak saklaman, noýabr aýynda Siriýa gidipdir. Käbir maglumatlarda Loigiň Siriýa ýene 25 sany söweşiji bilen bilelikde, şol sanda eýýäm öldürilen täjikler bilen gidendigi aýdylýar.

Olimowa öz hossatlarynyň Siriýadadygyny ýanwar aýynda, diňe Loikden jaň gelensoň bilip galandygyny aýdýar. Onuň giýewisi öz aýalyny we çagalaryny alyp, Siriýa barandygyny habar beripdir we onuň dil ýarmazlygyny sorapdyr.

Olimowanyň Ozodi Radiosyna fewral aýynda beren gürrüňine görä, ol Kulobyň kanun goraýjy organlaryna öz gyzy barada habar bermändir.

Emma Olimowa uzak wagtlap dymyp bilmändir. Ol geçen aprelde ”Meduza” agentligine Täjigistanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň ýerli bölümine ýüz tutup, Loik barada maglumat berendigini aýtdy.

“Men olardan, esasan, Loigi bu ýere getirmeklerini soradym we soň onuň kellesine 10 litr gaz goýup ony otlamak isledim” diýip, Olimowa ”Meduza” beren gürrüňinde aýdýar.

Aleppodaky jaý

Aprel aýynyň başynda Gulru ejesine jaň edip, maşgalasynyň şäheriň çetindäki ýaşaýyş jaýa göçendigini habar berende, Loik entek diridi. Ol “YD”-niň özlerine göçmek üçin 30 müň amerikan dollary möçberde pul berendigini aýtdy. Olimowanyň ”Meduza” aýtmagyna görä, “YD” maşgalanyň her çagasyna aýda 35 dollar möçberde kömek puluny hem berýän eken.

Täze ýerde telewizor, holodilnik, ýagny sowutgyç we hatda haly hem bar eken.

Emma habaryň iň gowy ýeri, Gülru öz ejesine Loigiň mundan beýläk söweşe gatnaşmagynyň gerek däldigini aýdypdyr.

Muňa derek Loik sakçy bolup işlemeli bolupdyr, ulaglary saklamak, barlamak we “YD”-niň Şerigata salgylanyp, çilime we alkogola girizen gadagançylygyny berjaý etmeli bolupdyr.

Habar berlişine görä, täjik esgerleri şeýle “ýol gozegçilik” işlerine giňden çekilýär. Ýanwar aýynda peýda bolan wideoda Abu Umariýon atly söweşiji öz wezipesiniň ýoldan geçip barýan ulaglary barlamakdan we çilim-alkogol gözlemekden we zenanlaryň yslam dinine laýyklykda hyjaply bolmagyna gözegçilik etmekden ybaratdygyny gürrüň beripdi.

Loik nirede we nädip öldi?

Siriýada “YD”-e goşulýança Loigiň harby tejribesi ýokdy.

“YD”-niň elektron kitabyna görä, hakyna tutulan täze adamlar “YD” türgenleşik lagerlerinde tälim alýarlar, emma Loigiň şeýle türgenleşikden geçendigini tassyklaýan maglumat ýok.

Eger Loik şeýle türgenleşikden geçen hem bolsa, bu oňa uruş meýdanynda söweşmek üçin zerur ýeterlik tälim berip bilmezdi.

Loigiň söweş ukybynyň gowşaklygy sebäpli oňa “ýol gözegçiliginiň tabşyrylan bolmagy” ahmaldyr. Hut şu sebäpden onuň Siriýa we Yrakda birnäçe aýlyk gysga wagtdan soň öldürilen bolmagy-da ähtimal.

Loigiň ölümi bilen bagly hakyky ýagdaýlar, onuň ölen ýeri we wagty nämälimligine galýar.

Emma soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ors dilli we merkezi aziýaly söweşijileriň gatnaşmagynda ençeme hüjümler boldy, olaryň ençemesi öldi.

Loigiň Yragyň Baiji şäherinde ödürilen bolmagy ähtimal. Sosial medianyň maglumatlarynda “YD” döwletiniň agzalýan söweşlere uly güýç, şol sanda söweş meýdanynda göreşmedik söweşijileri hem iberendigi habar berildi. Şol hüjümde “YD”-niň düzüminde söweşe gatnaşan iki çeçen söweşijisiniň-de Baijide öldürilendigi habar berildi. Bu ýagdaý Loigiň öldürilendigi barada habaryň peýda bolmagy bilen bir wagta gabat gelýär.

Şeýle-de şol wagtda aprel aýynyň aýagynda ors dilli söweşijileriň Yragyň Anbar welaýatyna söweşe (ölüme) iberilendigi barada habar berildi.

Şu hepdede “YD”-nyň Demirgazyk Kawkazly söweşijileirniň ýaýradan wideosynda ors dilli söweşijiler toparynyň Yragyň günbatarynda Tharthar kölüne hüjüme iberilmekden öň söweşde janyny bermäge kasam edýändigi görkezilýär. Bu hüjüm 25-nji aprelde boldy.

Diňe gara baýdak galdy

Kulobda Loigiň ölümi [onuň hossarlaryny] agyr hasrata çümdürdi.

Loigiň kakasy Şerafgan Radžabow oglunyň ölendigini gelni Gulrudan bilip galandygyny aýtdy.

Kulobyň kanun goraýjy häkimiýetleri Loigiň ölümi barada diňe onuň maşgalasyndan bilýändigini aýdýarlar. Bu barada resmi maglumat ýok.

Loikden Kulobda galan ýekeje ýatlama kanun goraýjylaryň onuň öýünde tapan gara baýdagydyr. Loigiň garyndaşlary gara baýdagy onuň gitmezden ozal özüniň asandygyny aýtdylar.

Öň bolupmydy?

Gulrunyň ýagdaýy “YD”-niň ýolbaşçylarynyň ölen söweşijileriň maşgalalarynyň öz ýurduna dolanmagyna päsgel bermegi bilen bagly ýeke-täk waka däl.

2013-nji ýylda “YD”-niň Siriýadaky harby ýolbaşçysy Umar al-Şişani Çeçenistanyň Migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysynyň gyzyna, onuň adamsy öldürilensoň öýüne dolanmagyna rugsat bermän, dawa döredipdi.

Şol wakada dul aýal, kakasynyň talabyna garamazdan, Siriýany terk etmek islemeýändigini aýdypdy. Umar aýalyň kakasyna äsgermezlik edýändigi üçin yslam dindary tarapyndan tankyt edilipdi.

Emma Gulrunyň ýagdaýy, “YD”-niň ölen söweşijiniň çagalarynyň ejesiniň islegine garamazdan, [ýat ýurtda] galdyrylmagynyň talap edilmegi bilen bagly habar berilýän ilkinji waka.

Täjikler we “YD”

Siriýada we Yrakda “YD”-niň düzüminde näçe täjigistanlynyň söweşýändi barada anyk san ýok.

Resmi maglumatlarda 300 adam diýen san görkezilýär we olardan 60 adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Britaniýanyň Ekster uniwersitetinden Edward Lemon täjik söweşijileri barada maglumat toplaýar we Siriýada hem Yrakda söweýän 102 täjik barada maglumatynyň bardygyny aýdýar. Emma ol häkimiýetleriň we medianyň maglumatlaryna hem wideolaryna esaslanýan sanlara seresaplylyk bilen çemeleşmelidigini aýdýar. Sebäbi, onuň pikiriçe, Siriýada söweşýän täjigistanlylaryň habar berlişinden has köp bolmagy ahmal.

102 diýen san OMON, ýagny ýöriteleşdirilen polisiýanyň ýolbaşçysy polkownik Gulmurod Halimowy öz içine almaýar. Tassyklanmadyk täjik maglumatlarynda onuň 10 adamdan ybarat beýleki täjikler bilen bilelikde Siriýa söweşe gidendigi habar berildi.

Täjigistanyň Hatlon etrabynyň häkimiýetleri daşary ýurtlarda harby hereketlere gatnaşmakda güman edilýän graždanlara, şol sanda Loige garşy 40 sany jenaýat işini gozgadylar.

XS
SM
MD
LG