Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň Rigadaky sammiti tamamlanýar


Ýewropa Bileleşiginiň alty post-sowet ýurdy bilen gatnaşyklary güýçlendirmegi maksat edýän sammiti 22-nji maýda Latwiýada tamamlanýar.

Riga şäherinde geçirilýän sammite Ýewropa Bileleşiginiň liderleri we bu bileleşigiň Gündogar hyzmatdaşlygy programmasyna agza alty ýurt, ýagny Ukraina, Gürjüstan, Moldowa, Azerbaýjan, Ermenistan we Belarus gatnaşýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Latwiýadaky habarçysynyň berýän maglumatyna görä, bu duşuşykda sammitiň soňky deklarasiýasynyň mälim edilmegi hem-de Ukraina, Gürjüstan üçin wiza ýeňilliklerini girizmek ähtimallygy ýaly meseleleriň gürrüň edilmegine garaşylýar.

21-nji maýda sammitiň birinji gününde Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar hyzmatdaşlygy programmasy ýurtlary Russiýadan daşlaşdyrmak üçin gurnalan “gözellik bäsleşigi” däl diýdi.

XS
SM
MD
LG