Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, Ukraina karz pul ylalaşygyna gol goýdy


Latwiýanyň paýtagty Rigada Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (sagda) bilen Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Žan-Klaud Ýunker duşuşýar. 22-nji maý, 2015 ý.
Latwiýanyň paýtagty Rigada Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (sagda) bilen Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Žan-Klaud Ýunker duşuşýar. 22-nji maý, 2015 ý.

Ýewropa Bileleşigi we Ukraina Kiýewiň gowşan ykdysadyýetini dikeltmäge ýardam berjek 2 milliard amerikan dollary möçberindäki karz pul ylalaşygyna gol goýdular.

Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň resmileri gürrüňi edilýän ylalaşyga 22-nji maýda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň liderleriniň we bu bileleşigiň Gündogar hyzmatdaşlary diýlip hasaplanylýan Gürjüstanyň, Moldowanyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň resmileriniň gatnaşmagynda geçirilýän sammitde gol goýdular.

“The Associated Press” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu ylalaşyk Ukrainanyň ykdysadyýetiniň gurluşyndaky problemalary çözmek üçin Kiýewiň ençeme reformalary kabul etmegini, şol sanda korrupsiýa garşy çäreleri görmegini talap edýär.

Bu ylalaşygyň netijesinde soňky iki ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina eden kömeginiň umumy möçberi 6 milliard ýewro ýetdi.

XS
SM
MD
LG