Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: “Axact” firmasynyň başlygy tussag edildi


Pakistanyň derňewçileri dünýä boýunça galp diplomlary döredýän kompaniýany dolandyrmakda güman edilýän firmanyň ýolbaşçysyny tussag etdiler we firmanyň Karaçidäki baş edarasyna täze reýdleri geçirdiler.

Pakistanyň derňewçileriniň 27-nji maýda geçiren bu reýdlerinde firmanyň baş binasynyň içinden müňlerçe boş diplomlar ele salyndy.

Pakistanly resmi Jawed Malikiň habarçylara beren maglumatyna görä, derňewleriň dowamynda “Axact” atly kompaniýanyň ýolbaşçysy Şoaib Ahmed Şaih çap edilmäge taýýarlanan boş diplomlaryň we studentleriň galp resminamalarynyň ýerleşýän ýerini mälim edipdir.

Häzirki wagtda Şaih Pakistanyň Federal derňew gullugynyň tussaghanasynda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG