Sepleriň elýeterliligi

BMG: Açlyk çekýänler azaldy


Azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) 27-nji maýda çap eden ýyllyk hasabatynda Birleşen Milletler Guramasy dünýäde açlyk çekýän adamlaryň sanyny hasaba alyp başlany bäri, bu görkeziji ilkinji gezek 800 milliondan hem pese gaçdy diýilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň düýbi Rimde ýerleşýän guramasynyň berýän maglumatyna görä, tutuş dünýäde açlykdan ejir çekýän adamlaryň sany 795 milliona barabar bolup, bu görkeziji 1990-92-nji ýyllardaky hasabatda görkezilen sanawdan 216 million azdyr.

Hasabatda berilýän maglumata görä, ösüp barýan ýurtlarda adamyň ýeterlik derejede iýmitlenmezliginiň derejesi ilat sanynyň 12,9%-ne barabardyr.

XS
SM
MD
LG