Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ghani Yslamabada çagyryş edýär


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani Pakistanyň liderlerine hat ýazyp, Yslamabadyň “Talyban” bilen göreşde has ýiti çäreleri görmegine çagyryş etdi.

Geçen hepde ugradylandygy aýdylýan bu hatda Ghani “Talyban” hereketiniň Pakistanda arkaýyn hereket etmeginiň öňüniň alynmalydygyny ýazýar. Şeýle-de owgan prezidenti “Talybanyň” Owganystandaky hereketlerine garşy durmakda Yslamadadyň hemaýat bermelidigini aýdýar.

Ghaniniň bu hatynyň bir nusgasy Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy.

Ghani hatynda pakistan liderlerine “Talybanyň” her ýyl amala aşyrýan ýazky hüjümlerini ýazgarmaga, şeýle-de söweşijileriň Kwettadaky we Peşewardaky liderlerini öý tussaglygyna almaga çagyrýar.

XS
SM
MD
LG