Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Dabarada sekiz adam öldürildi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky resmileriň berýän maglumatyna görä, ýerli saýlawlarda ýeňiş gazanan kandidatyň gurnan dabaralaryna ýeňlen dalaşgäriň tarapdarlarynyň el granatlaryny oklamagy netijesinde sekiz adam öldi.

Bu waka 1-nji iýunda Haýber-Puhtunhwa welaýatynyň Tank etrabynyň Kari Haýdar etrabynda ýüze çykdy. Bu welaýat Pakistanyň Demirgazyk Waziristan we Günorta Waziristan tire-taýpalar territoriýasynyň golaýynda ýerleşýär.

Pakistanyň ýokary derejeli resmisi Kifaýat Ullahyň berýän maglumatyna görä, 30-njy iýunda geçirilen ýerli saýlawlarda ýeňiş gazanan garaşsyz kandidat Wali Hanyň tarapdarlary ýeňiş dabarasyny tans edip, deprek çalyp belläpdirler.

Onuň aýtmagyna görä, saýlawlarda ýeňlen kandidatyň gahar-gazaply tarapdarlary bu dabara el granatlaryny zyňypdyrlar we munuň netijesinde ýedi adam ölüpdir. Bu wakada pida bolanlaryň sekizinjisi keselhana ýerleşdirilenden soň heläk boldy. Şeýle-de, wakada başga-da 10 adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG