Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazyjy Kunderanyň romany iň köp satylan kitap boldy


Milan Kundera
Milan Kundera

Meşhur çeh-fransuz ýazyjysy Milan Kunderanyň geçen ýylyň ahyrynda çapdan çykan täze romany Fransiýada we Italiýada iň köp satylan kitap boldy. Şol bir wagtyň özünde bu kitap Braziliýa, Hytaý, Gollandiýa we Ispaniýa ýaly ýurtlarda hem köp satyldy.

Iýun aýynda bolsa, bu kitap Britaniýada hem çapdan çykýar.

13 ýylyň dowamynda Kunderanyň çapdan çykan ilkinji romanynyň ady “Ähmiýetsizlik festiwaly” (The Festival of Insignificance) diýlip atlandyrylýar.

86 ýaşly ýazyjynyň täze romany 100 sahypadan gowrakdyr.

Kunderanyň romanynda Fransiýanyň paýtagty Parižde dört dostuň - Alainiň, Kalibanyň, Çarlesiň we Ramonyň arasynda bolup geçýän wakalar beýan edilýär.

Şeýle-de, romanda olaryň ilki bilen Lýuksemburg bagynda gezelenç edip, soňra bolsa bir tanyşlarynyň gurnan dabarasyna gatnaşan mahalynda intellektual söhbetleri eden pursatlaryna üns çekilýär.

"The Telegraph"-a esaslanyp taýýarlanyldy.

XS
SM
MD
LG