Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Ölenleriň sany 82-ä ýetdi


Hytaýyň Ýangtze derýasynda düňderilen syýahat gämisinde ölenleriň sany 82-ä ýetdi diýip, Hytaýyň döwlet metbugaty habar berýär. Şeýle-de, resmiler derbi-dagyn bolan gämide aman galan haýsy-da bolsa birini tapmak mümkinçiliginiň ýokdugyny belleýärler.

Halas ediş missiýasy gämiden ýüzlerçe jesedi çykarmak maksady bilen uly operasiýa öwrüldi. 1-nji iýunda güýçli tüweleýiň turmagy netijesinde agdarylan gämide 456 ýolagçy bardy. Henize çenli bu ýolagçylaryň arasyndan diňe 14 sanysy halas edildi.

Halas ediş gullugynyň işgärleriniň gämini bejermek üçin tutuş gije işländigi habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde gämidäki ýolagçylaryň aglabasynyň pensiýa çykan gartaşan adamlardan ybaratdygy nygtalýar.

“Men bu wakanyň olar [pensiýa çykan adamlar] üçin nähili aýylganç bolandygyny göz öňüme hem getirip bilemok. Gartaşan adamlar munuň ýaly däl-de, öz maşgalasynyň ýanynda, asuda aradan çykmaly” diýip, Hytaýyň ýerli daýhanlarynyň biri Wang Ksun belleýär.

XS
SM
MD
LG