Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda ýitirim bolanlar gözlenýär


Halas ediş gullugynyň işgärleri köçeleri arassalaýarlar.
Halas ediş gullugynyň işgärleri köçeleri arassalaýarlar.

Gürjüstanda onlarça binalaryň we ulaglaryň suwuň astynda galmagyna hem-de Tbilisi haýwanat bagynyň ýumrulmagyna sebäp bolan güýçli suw joşgunyndan bir gün geçensoň, bu heläkçilikde azyndan 10 adamynyň ýitirim bolandygy aýdylýar.

Gürjüstanda suw joşgunynda 12 adamynyň ölendigi tassyklanandan soň, wakada pida bolanlaryň hatyrasyna matam tutulýar. Şol bir wagtyň özünde ýurtda gözleg we halas ediş operasiýalary dowam edýär.

Tutuş ýurduň çäginde resmi baýdaklar aşak düşürildi.

13-nji iýun agşamy başlanan güýçli ýagyş Tbilisiniň içinden geçýän Were derýasynyň joşmagyna we Gürjüstanyň paýtagtyny sil suwunyň basmagyna getirdi.

Medisina kömegi

Munuň netijesinde 37 adam medisina kömegini almak üçin keselhanalara ýüz tutdy. Olaryň biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy we ýene-de azyndan üç sanysynyň hem häzirlikçe keselhanada galýandygy habar berilýär..

Galyberse-de, sil şäheriň haýwanat bagyndan gaplaňlaryň, ýolbarslaryň, möjekleriň we beýleki haýwanlaryň gaçyp çykmagyna sebäp boldy.

Şol haýwanlaryň käbirleri sil suwy netijesinde öldi, käbirleri bolsa polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi. Şol bir wagtyň özünde haýwanlaryň käbirleri degişli häkimiýet gulluklary tarapyndan tutulyp, gaýtadan öz kapasalaryna salyndy.

“Hökümet kömek eder”

Gürjüstanyň häkimiýetleri haýwanat bagyndan gaçan ýyrtyjy haýwanlaryň ählisi gaýtadan ele salynýança, ilaty öz öýlerinden çykmazlyga çagyrdylar.

14-nji iýunda Gürjüstanyň Ministrler kabinetiniň geçiren adatdan daşary ýygnagynda premýer-ministr Irakliý Garibaşwili hökümetiň suw joşgunyndan ejir çeken her bir maşgala kömek etjekdigini wada berdi.

Gürjüstanyň maliýe ministri Nodar Haduriniň deslapky maglumatlaryna görä, suw joşgunynyň ýetiren zyýany 40 million laris, ýagny 18 million amerikan dollary çemesi möçberinde bolupdyr.

Ýewropa Bileleşigi öz beýanatynda “bu tebigy betbagtçylykdan soň, Bileleşigiň ýurda [Gürjüstana] kömek etmäge taýýardygyny” aýtdy.

“Ýewropa Bileleşigi häzirki zerur pursatda Gürjüstana doly raýdaşlyk bildirýär. Biz Tbiliside güýçli ýagşyň ýagmagy netijesinde dörän ýowuz suw joşgunynda pida bolanlara we ondan ejir çekenlere duýgudaşlyk bildirýäris” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogeriniň metbugat wekili belledi.

Hökümet ýygnagynda çykyş eden Garibaşwili özüniň latwiýaly, ermeni, azeri, türk we ukrain kärdeşleriniň Gürjüstana suw joşgunynyň netijeleri bilen göreşmäge öz ýurtlarynyň kömek etmäge taýýardygyny aýan edendigini habar berdi.

Garibaşwili Gürjüstanyň suw joşgunynyň netijelerinden baş alyp çykyp biljekdigini, emma daşary ýurtlaryň maliýe kömeginiň gerek boljakdygyny belledi.

XS
SM
MD
LG