Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda 33 adam içgiden zäherlendi


Hindistanyň Bombeý şäherinde 33 adam zaýalanan içgi içip öldi.

Polisiýa 18-nji iýunda 18 adamyň Bombeýiň garyp etrabynda zaýalanan alkogol içgisini içensoň ölendigini, beýlekileriň günüň ertesi ýogalandygyny aýtdy.

Ýene 20-den gowrak adam keselhana düşüpdir.

Polisiýa bikanun içgileri öndürmek we garyp işçilere satmak boýunça bir adamy sorag edýär.

Hindistanda adamlaryň bikanun alkogoldan zäherlenmegi köp duş gelýän ýagdaý sebäbi garyp adamlar lisenziýaly içgileri satyn alyp bilmeýärler.

XS
SM
MD
LG