Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama "döwük sistemany" tankytlaýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ybadathana hadysasyna reaksiýa bildirip, Ak tamda çykyp gürledi.18-nji iýun, 2015 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ybadathana hadysasyna reaksiýa bildirip, Ak tamda çykyp gürledi.18-nji iýun, 2015 ý.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 18-nji iýunda başyna giden ýarag zorlugynyň, barha möwjeýän deňsizligiň we beýleki problemalaryň garşysyna çäre görmegi başarmaýan, petige dirän syýasy sistemanyň üstünden düşdi.

Birleşen Ştatlar Çarlstonde, Günorta Karolina ybadathanasynda bolan iň elhenç ýigrenç jenaýatyna, dokuz sany garaýagyz dindaryň zalymlarça atylyp öldürilmegine şaýat bolanyndan soň, Obama özüniň ýedi ýyl mundan öň gozgan meselesinde özgerişlik döredip bilmezliginden lapykeçlik bildirdi.

Kaliforniýa ştatynda, Bewerli Hillzde, kinorejissýor Taýler Perri tarapyndan beýemçilik edilen serişde toplamak çäresine gatnaşýan donorlaryň öňünde çykyş eden Obama özüniň «gujurly göreşendigini» emma sistemanyň «şindem döwükdigini» aýtdy.

"Kongres işlemelisi ýaly işlemeýär"

"Kongres öz işlemelisi ýaly işlemeýär» diýip, Obama aýtdy. Prezident Obama ABŞ-nyň köp ştatynda azat-erkin satyn alyp bolýan ýaraglary düzgünleşdirmek baradaky kanuny geçirjek bolupdy, emma kongres liderleri hatda bu meseläni sese goýmagy hem başarmandylar. Sebäbi ýurduň kuwwatly ýarag lobbistleri ýarag satmagyň düzgünleşdirilmegine berk garşylyk görkezýärdiler.

"Netijede ýene bir gezek bigünä adamlar öldürildi, sebäbi kast etmek islän adam ýarag edinmekde hiç bir päsgelçilik görmedi» diýip, Obama aýtdy.

"Men şunuň ýaly beýanatlary köp gezek etmeli boldum” diýip, ol aýtdy. «Kähalatda, biz ýurt hökmünde, şeýle görnüşdäki köpçülikleýin gyrgynyň beýleki ösen ýurtlarda bolmaýandygyna nazar salmaly. Bu başga ýerlerde beýle ýygjam bolmaýar. Onsoň bu meselede çäre görmek bize bagly» diýip, amerikan prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň çykyş edip duran wagty garaýagyz dindarlaryň «Injil» sapagy duşuşygyna kabul edilen, olar bilen bir sagat oturyp, soň dokuz adamy atyp öldüren ak adam baradaky habar ýaýrady. Ekspertler munuň ýurduň taryhyndaky iň elhenç ýirenç jenaýatydygyny aýdýarlar.

Öldürilenleriň biri, pastor Klementa Pinkniý Obamanyň dostudy, sylagly syýasy we dini liderdi. Ol bir gezek «Seniň käte, azatlygy we deňligi ilerletmek üçin, ölmeli bolmagyň-da mümkin» diýipdi.

Öldürilenleriň üçüsi ýurduň iň gadymy garaýagyzlar ybadathanasynyň - Emmanuel afrikan metodist ýepiskop ybadathanasynyň ruhanysydy, ýene biri regional kitaphananyň ýolbaşçysy, beýlekisi ýokary mekdebiň mugallymy we söz terapistidi, ýene iki sanysy bolsa ybadathana horunyň agzalarydy.

Jynsparazlyk wehimi

"Bu hadysanyň garaýagyzlar ybadathanasynda bolmagy biziň geçmişimiziň garaňky künjekleri baradaky soraglary hem öňe çykarýar» diýip, Obama aýtdy.

"Bu garaýagyzlaryň ybadathanalaryna birinji gezek hüjüm edilişi däl. Biz jynslar we dinler babatyndaky ýigrenjiň biziň demokratiýamyza we ideallarymza aýratyn wehim salýandygyny bilýäris» diýip, prezident aýtdy.

21 ýaşyndaky Dilan Ruf babatdaky habarlar onuň garaýagyz adamlara garşy ýigrenç esasynda hereket edendigine uly bir şübhe galdyrmaýar. Şol bir wagtda soňky ýyllar Birleşen Ştatlarda köpçülikleýin atylyp öldürilen adamlar köplenç hiç bir syýasy sebäpsiz, ruhy hassa damlaryň pidasy boldy.

Ruf, aýdylmagyna görä, öz pidalaryna ýüzlenip, şeýle diýipdir: «Men bu işi etmeli, siz biziň aýallarymyzy zorlaýarsyňyz we ýurdumyzy alýarsyňyz. Siz gitmeli.»

AP-niň habaryna görä, ol golaýda dostuna şeýle diýipdir: «Garaýagyzlar dünýäni ele geçirýär, kimdir biri bu meselede akýagyzlaryň hatyrasyna bir zatlar etmeli.”

Ruf 18-nji iýunda Şelbide, Demirgazyk Karolinada tussag edildi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG