Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni protestleri dowam edýär


Ermenistanyň howpsuzlyk güýçleri 24-nji iýunda ýene bir zorlukly basyp ýatyrma ýüz urmakdan saklandylar, elektrik bahalarynyň gymmatladylmagyna garşy turan protestler Ýerewanyň merkezinde tapgyr üçünji gün hem dowam etdirildi.

Ýygnanan mähelläniň sany, ýüzlerçe ýaş aktiwist gijäni marşal Bagramýan prospektinde geçireninden soň, hasaplamalara görä, agşamlyk 10 müňe ýetdi.

Häkimiýetler olaryň öňünde, prezident köşgüne barmazlyklary üçin, pitnä garşy polisiýany ýerleşdirdiler. 22-nji iýunda polisiýa bilen bolan zorlukly çaknyşyklardan soň, protestçileriň köpüsi çaknyşykdan çeke durdy.

Onlarça deputat, aktýor we tomaşa biznesiniň wekilleri gijesi bilen, protestçileriň zorluk bilen dargadylmagynyň öňüni almak üçin, polisiýadyr protestçileriň arasynda durdy.

Taraplaryň ikisi-de parahatçylygy saklamaga çalyşdy, emma ýurtda soňky ýyllarda turan iň erbet gozgalaňyň döremegine getiren talaplar çözülmedi.

XS
SM
MD
LG