Sepleriň elýeterliligi

'Talyban' hüjüminde 11 esger öldi


Owgan howpsuzlyk güýçleri.

Owgan howpsuzlyk güýçleri.

Owganystanyň günbatarynda “Talyban” hereketiniň söweşijileriniň harby kerwene duzak gurmagy netijesinde 11 owgan esgeri öldi.

29-njy iýunda Owganystanyň harby çeşmeleriniň beren maglumatyna görä, 28-nji iýun gijesi Hyrat welaýatynyň Karoh etrabyndaky harby kerwene güýçli ot açylypdyr.

Bu ok atyşyklar bäş sagat dowam etdi diýip, Owgan harbysynyň metbugat wekili “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

“Talyban” hereketi aprel aýynda ýazky hüjümlerine başlany bäri, Owgan howpsuzlyk güýçlerinden ölenleriň sany artýar.

XS
SM
MD
LG