Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Serhetdäki şäherçe kürtleriň gözegçiliginde


Siriýadaky Kürtleriň Halk goranmak bileleşiginiň agzasy.
Siriýadaky Kürtleriň Halk goranmak bileleşiginiň agzasy.

Siriýadaky Kürt ýaragly topary 1-nji iýulda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Tal Abýaddan kowlup çykarylmagy netijesinde şäherçäniň kontrollygynyň doly öz gözegçiligine geçendigini aýdýar. Bu wakadan bir gün öň, “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri strategik taýdan ähmiýetli şäherçä reýd gurnapdylar.

Siriýadaky Kürtleriň Halk goranmak bileleşiginiň (ÝPG) metbugat wekili “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri tarapyndan ele salnan Tel Abýad şäherçesiniň günorta bölegindäki etrabyň kontrollygy gaýtadan Kürt güýçleriniň gözegçiligine geçdi diýdi.

Bu çaknyşyklarda “Yslam döwleti” toparynyň üç söweşijisi öldürildi, şeýle-de ýene biri özüni partlatdy diýip, bileleşigiň metbugat wekili belleýär.

XS
SM
MD
LG