Sepleriň elýeterliligi

Owgan «gahrymany» tussag edildi


Geçen aý parlamente hüjüm eden jeňçileri öldürip, «gahryman» diýlip taryplanan owgan esgeri Kabulda ganly ýol hadysasy sebäpli tussag edildi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Sedik Sedikki 2-nji iýulda «Roýterse» seržant Essa Hanyň betbagtçylykly ýol hadysasy bilen ilteşiklidigini, bir adamyň heläk bolandygyny aýtdy.

«Polisiýa bolan işi derňeýär, Essa Han tussaghanada» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Garaşsyz žurnalist Mustafa Kazemi twitterde Hanyň, parlament hüjüminden soň wise-prezident Abdul Raşid Dostum tarapyndan berlen «Toýoto» kysymly maşyny bilen bir adamy kakdyryp öldürendigini ýazdy.

28 ýaşyndaky Han 22-nji iýunda bir özi alty ýa ýedi jeňçini öldürenden soň milli gahryman derejesine göterildi.

XS
SM
MD
LG