Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýa: Iki hüjümde 44 adam öldi


Nigeriýa.
Nigeriýa.

5-nji iýulda Nigeriýanyň Jos şäheriniň merkezinde iki partlama amala aşyryldy. Bu partlamalaryň netijesinde azyndan 44 adam öldi.

Partlamalara şaýat bolanlar hüjümleriň birinde restoranyň we beýlekisinde “Boko Haram” atly yslamçy söweşiji topara garşy çykyş eden musulman ruhanysynyň nyşana alnandygyny aýdýarlar.

Nigeriýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça milli dolandyryş edarasy hüjümlerde heläk bolan 44 adamyň 23 sanysynyň restoranda we 21 sanysynyň metjitde ölendigini aýtdy.

Şeýle-de, bu wakada ýaralanan başga-da 47 adam keselhana ýerleşdirildi.

Henize çenli bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady, emma Plato ştatynyň Jos şäherinde “Boko Haram” yslamçy topary ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG