Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa-Owgan serhediniň gorag aladasy


Türkmen-özbek serhedi.

Türkmen-özbek serhedi.

Demirgazyk Owganystandaky ýagdaýlar barha dartgynlaşýar. Bu dartgynlylyk şol sebitde ýerleşýän ähli welaýatlary öz içine alýar.

Owgan syýasatçylary indi söweş hereketleriniň ýurduň günorta sebitlerinden demirgazyga geçip başlandygy we şol çaknyşyklarda merkezi aziýaly jeňçileriň has işjeň hereket edýändigini aýdýarlar.

Geçen hepdäniň dowamynda Owganystanyň prezidenti çykyş edip, diňe Gunduz welaýatynda 10 töweregi ýurduň jeňçileriniň hereket edýändigini mälim etdi.

Owganystanyň içeri işler ministri bolsa ýurduň demirgazygy bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletlerine ýüzlenip, jeňçilere garşy durmak üçin hemaýat bermeklerini sorady.

“Mejlis” atly ýörite gepleşigiň bu sanynda, demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha ýaramazlaşmagynyň sebäpleri we bu ugurda Kabulyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen edip biljek hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada gürrüň edilýär.

Programmanyň myhmanlary:

Frud Bezhan: Azatlyk Radiosynyň habarçysy, ol ýakynda demirgazyk Owganistanda boldy.

Bruce Pannier: Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa bagyşlanan “Qishloq Ovozi” blogunyň redaktory.

Amin Mudakik: Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň direktory.

Kemal Safi: Gunduz welaýatynyň parlamentdäki deputaty.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG