Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň harby uçary heläk boldy


Tupolew Tu-95MS kysymly uçar

Tupolew Tu-95MS kysymly uçar

Tupolew Tu-95MS kysymly uçar Orsýetiň Uzak Gündogarynda Habarowsk regionynda heläkçilige uçardy.

Goranmak ministrliginiň sözlerine görä, strategik bombalaýjy uçar 14-nji iýulda irden Habarowsk şäherinden 80 kilometr uzaklykda türgenleşigiň dowamynda ýere gaçypdyr.

Uçarda bombalaryň bolmandygy we onuň çola ýere gaçandygy habar berildi. Ekipaž heläkçiligiň öňüsyrasynda uçary terk edipdir.

Bu waka Habarowsk regionynda soňky sekiz günüň dowamynda heläkçilige uçran ikinji harby uçardyr. 6-njy iýulda SU-24M kysymly bomba göteriji uçar türgenleşigiň dowamynda ýere gaçdy, onuň iki sürüjisi heläk boldy.

XS
SM
MD
LG