Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň parlamenti Gresiýa boýunça ses berýär


Germaniýanyň parlamenti
Germaniýanyň parlamenti

Germaniýanyň kanun çykaryjylary 17-nji iýulda Gresiýa 86 milliard ýewro möçberde maliýe kömegini bermek boýunça gepleşikleri makullamak ugrunda ses berişlik geçirýärler.

Germaniýa Gresiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki iň uly kreditory bolup, Bundestagdaky ses berişligiň ylalaşygy eýýäm makullan Fransiýanyň we Finlýandiýanyň parlamentlerindäki ses berişlikden has ýiti bolmagyna garaşylýar.

16-njy iýulda agşam resmiler Gresiýanyň üç hepdeläp ýapyl bolan banklarynyň 20-nji iýulda gaýtadan açyljagyny aýtdylar.

Şeýle-de Gresiýa täze karz makullanýança ýurduň ykdysadyýetini saklamak üçin üç aýlyk 7 milliard ýewro möçberdäki karzyň beriljegi güwä geçildi.

Bu çäreler Gresiýanyň kanun çykaryjylary Ýewropa liderleriniň talabyna laýyklykda berk ykdysady reformalary makullamagyndan soň amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG