Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bişkekde terrorçylyga garşy çäre geçirildi


Polisiýanyň terrorçylyga garşy operasiýasynyň geçirilen ýeri, Bişkek, 16-njy iýul, 2015.

Polisiýanyň terrorçylyga garşy operasiýasynyň geçirilen ýeri, Bişkek, 16-njy iýul, 2015.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri Bişkekde geçirilen ýörite operasiýada terrorçy bolmakda güman edilen dört adamy atyp öldürdi we bäş adamy ele saldy.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetine görä, operasiýa Gyrgyzystanyň paýtagtynda 16-njy iýulda geçirilipdir. Komitet öldürilen we tussag edilen adamlaryň ady agzalmadyk halkara terrorçy toparynyň agzalarydygyny aýtdy.

Polisiýanyň ýöriteleşdirilen “Alfa” topary Bişkegiň günorta etrabynda hususy jaýa hüjüm edip, bir sagadyň dowamynda amala aşyran operasiýasynda Milli howpsuzlyk komitetiniň dört ofiseri ýaralanypdyr.

Terrorçy bolmakda güman edilýänlere garşy ýörite operasiýalar Gyrgyzystanda seýrek geçirilýär.

XS
SM
MD
LG