Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Kuba gatnaşyklarynyň 'täze sepgidi'


Kubalylar ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň çykyşyna seredýärler.
Kubalylar ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň çykyşyna seredýärler.

Birleşen Ştatlar bilen Kuba duşenbe güni öz diplomatik gatnaşyklarynda täze sepgide ýetdiler. Bu ýurtlaryň garşylykly ýurtdaky özara ýörite bähbitler bölüminiň ilçihana öwrülmegi olaryň arasynda 50 ýyldan gowrak mundan ozal bozulan gatnaşyklara gaýtadan başlamak üçin soňky wagtlarda ädilen ädimleriň biri.

Amerikan uniwersitetiniň Kuba boýunça eksperti William LeoGrandyň aýtmagyna görä, bu özgeriş daşardan görkezilen gysyş netijesinde bolupdyr.

"Latyn amerikalylar gadymy anakronistik Sowuk uruş syýasatyndan halys irdiler. Muny 2012-nji ýylda amerikanlaryň Kolumbiýanyň Kartagena şäherinde geçen altynjy sammitinde prezidente bildirdiler. Olar, Kuba çagyrylmasa, özleriniň indiki sammite gelmejekdiklerini aýtdylar".

Kubanyň ilçihanasynyň açylmagy mynasybetli Waşingtonda geçirilen dabara Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodriguez Parilla ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem dabara ýurduň ýokary derejeli resmilerinden durýan delegasiýa, şol sanda bu ýurduň Milli ýygnagynyň agzalary gatnaşarlar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi dürli meseleler boýunça iki ýurt arasynda gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

"Biz bir gepleşige başladyk. Meniň çaklaýşyma görä, ol adam hukuklary barasynda dowam eder. Biz bu meselaniň bu täze gatnaşygyň bir bölegi boljakdygyny bilýäris" diýip, Kirbi aýtdy.

Ol şeýle hem Birleşen Ştatlar bilen Kubanyň bosgunlar we kanunyň ýerine ýetirilmegi barada hem gürleşmek hakda ylalaşandyklaryny bildirdi.

Döwlet departamentiniň resmisi ilçihanalaryň açylmagyny "simwoliki ädim", ýöne Amerika-Kuba gatnaşygynyň indiki etabynda juda möhüm ädim diýip atlandyrdy.

Onuň bellemegine görä, bolan özgerişleriň görnüp duran bir netijesi amerikanlaryň Kuba köpräk sapar edip bilmegi. Bu ugurda olar amerikan ilçihanasyndan goldaw taparlar. Birleşen Ştatlaryň Gawanadaky ilçihanasy kubalylaryň elýeterliginde bolar.

Washingtonyň Kubanyň garşysyna girizen söwda embargosyna degişli çäklendirmeler öz güýjünde galar. Bu çäklendirmeleri ýatyrmagy Kongres oňlamaly.

Kuba hökümeti ýurduň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda neşir edilen beýannamada diplomatik gatnaşyklaryň dikeldilmegi, ilçihanalaryň açylmagy "ikitaraplaýyn gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrundaky uzak we çylşyrymly prosesiň ilkinji etabyny jemleýär" diýýär.

Beýannamada şeýle hem ykdysady, söwda we maliýe gabawy doly ýerine ýetirilip, kuba halkyna zyýan ýetýärkä, iki ýurduň arasynda "adaty" gatnaşyk bolup bilmez diýilýär.

Muňa garamazdan, kubalylaryň aglabasy bu özgerişi girizenligi üçin öz hökümetlerini taryplap, Amerika bilen gatnaşyklaryň gowulanmagyny gutlaýarlar.

Ýöne Birleşen Ştatlar bilen Kubanyň aragatnaşygynyň gowulanmagyny tankytlaýanlar-da bar. Respublikan senator Marko Rubio maýda bolan diňlenişikde Kubanyň adam hukuklary baradaky işlerine ýeterlik üns berildimikä diýen aladalany beýan edip: "Olaryň adam hukuklary baradaky garaýyşlary biziňkiden diňe tapawutly däl. Olaryň garaýşyça, bu ýalňyş we aglaba ters" gelýär diýdi.

XS
SM
MD
LG