Sepleriň elýeterliligi

Kerri Kongrese duýduryş berýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Waşington, 23-nji iýul, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Waşington, 23-nji iýul, 2015

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri ABŞ-nyň kanun çykaryjylaryna Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny ret etmezlik barada duýduryş berdi.

Onuň pikiriçe, bu ylalaşygyň tassyklanylmazlygy Tähranyň ýadro bombasyny edinmegini çaltlaşdyrmak üçin ullakan ýaşyl çyra ýakmak bolar.

Kerri 23-nji iýulda ABŞ-nyň Senatynyň daşary gatnaşyklar komitetinde çykyş edip, “Eger Kongres Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyny birtaraply görnüşde ret etse, Waşington şu aýyň başynda gepleşikçileriň araçylyk etmeginde Tähranyň ýadro programmasyna girizilen her bir çäklendirmeden çekiler» diýdi.

XS
SM
MD
LG