Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" harby bazany eýeledi


Owgan resmileri «Talybanyň», üç güne çeken söweşden soň, Badahşan welaýatyndaky harby bazany ele geçirendigini aýdýarlar.

Welaýat gubernatory Şah Wali Adebsaýd 26-njy iýulda Wardoj etrabyndaky Tirgaran bazasynyň 25-nji iýul agşamy «Talyban» jeňçileriniň kontroluna geçendigini aýtdy.

Ol, hökümetden goşmaça kömek gelmänsoň, 100-den gowrak polisiýa ofiseriniň pitneçilere ýesir düşendigini aýtdy. Welaýat polisiýasynyň sözçüsi Dal Muhammad Ahmadzaý komandirleriň «Talyban» bilen «ylalaşyk baglaşandygyny» we tabyn bolmagyň bazanyň ähli enjamyny jeňçilere tabşyrmagy hem öz içine alandygyny aýtdy.

Ahmadzaý «Talybana» goşulmak islemedik esgerleriň ol ýerden yzyna getirilendigini hem sözüne goşdy. «Talybanyň» beýanatynda bazanyň 110 sany polisiýa ofiseri, olaryň ýerli komandiri, ýerli serhet polisiýasynyň başlygy bilen bilelikde ele geçirilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG